Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň sahypalarynda habar berilýär.
Häzirki wagtda täze taslamanyň gurluşyna degişli bolan esasy binanyň we dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günki günlerde bu ýerde içerki bezeg işleri alnyp barylýar we daş-töweregi abadanlaşdyrmak işleri geçirilip, giriş ýollary asfaltlanýar.
Şäheriň Magtymguly şaýolunyň ugrunda, şäher merkezinde ýerleşýän täze terminal 3 gektar meýdany tutýar. Onuň gurluş aýratynlygy döwrebap ülňülere doly laýyk gelmek bilen, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilendir. Şular bilen birlikde bu ýerde garaşylýan ýer, awtobuslar we taksiler üçin duralgalar, ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşlerine bilet satmak üçin kassalar, maglumat beriş ýeri, goşlar bölümi, awtobuslar we beýleki awtoulaglar üçin ýuwmak hyzmatynyň merkezi bolar.
Täze desganyň gurluşyk işleri «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar.