Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol hereketiniň kadalaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň çäklerinde çäreler geçirilýär.
Biraýlygyň dowamyndaky çärelerde ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek bilen bagly köpçülikleýin wagyz-nesihat çykyşlary guralýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu ugurda 2022-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky» we Türkmenistanyň «Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär.