Türkmen paýtagtynda Ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 20-21-nji sentýabr aralygynda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan häzirki zaman özgertmeleriniň sergisi geçiriler. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralar. Bu habary «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri beýan edýär.
Her ýyl bolşy ýaly, ykdysady üstünlikleriň görkezilmegi bilen iki günläp dowam etjek däbe öwrülen sergide döwlete degişli düzümleriň önümleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususyýetçilik pudagynyň durmuşa geçirýän täzelikleri hem sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetiriler.