Ýük awtoulaglaryna halkara gatnawlarynda Türkmenistanyň çäginde hereket etmek rugsat edildi

8-nji sentýabrdan başlap ýük gatnawlary amala aşyrylanda bildirilýän talaplary doly ýerine ýetirmek şerti bilen, ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlarynda daşary ýurtly sürüjilere Türkmenistanyň çäginden geçmäge rugsat berildi. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Netijede, «Türkmenbaşy halkara deňiz porty» gözegçilik-geçiriş ýerinden türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden gitmeklerine we gelmeklerine, degişli gözegçilik-geçiriş ýerinden daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmeklerine rugsat bermek göz öňüne tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, degişli çözgüdiň çäklerinde daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän «Türkmenbaşy halkara deňiz porty», «Altyn asyr», «Artyk», «Sarahs» we «Farap» gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Türkmenistanyň çägine girip, bu ýerlerdäki ilkinji demir ýol howlularyna ýa-da stansiýalaryna we Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli gelip ýükleri tabşyrmaklaryna we alyp gitmeklerine hem ygtyýar berilýär.