Türkmenistana özbek traktor tirkegleriniň täze tapgyry getirildi

«Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen 270 sany täze traktor tirkegleri Türkmenistana getirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, tirkegleriň 66-sy Lebap welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryna paýlanylyp berildi. Ýurduň Ahal, Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalary hem şonça mukdarda, bu babatda Balkan welaýatynyň kärhanasy bolsa 6 sany traktor tirkegleri bilen üpjün ediler.

Özbegistanyň traktor tirkeg önümleri ulanyşda berkligi, ygtybarlylygy hem-de agyr ýükleri götermäge niýetlenendigi bilen tapawutlanýar. Bu tirkegler ýurdumyzda ozaldan bäri hem işjeň peýdalanylyp gelinýär.

Täze gelip gowşan tirkegleriň her biri 4,5 tonna ýük götermäge ukyplydyr. Şol sebäpden hem olar oba hojalyk önümlerini daşamakda, şol sanda pagta hasylyny ýükläp dürli zerur ýerlere eltmekde has amatlydyr.

Belläp geçsek, «Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana şu hili traktor tirkegleriniň ýene-de 730 sanysyny getirmek meýilleşdirilýär.