Hytaýyň awtoulag ätiýaçlyk şaýlary Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana iberildi

Hytaýda öndürilen ulag düzüm bölekleri Gazagystan — Türkmenistan — Eýran gatnaw ugry boýunça demir ýol arkaly Eýrana iberildi diýip, Gazagystan demir ýollarynyň (KTZ) metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Hytaýyň demirgazyk-gündogar çägindäki Jingan menzilinden (Dalýan şäheri) 50 sany kyrk futluk konteýnerli otly düzümi awtoulag düzüm bölekleri ýüklenip, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesi boýunça ugradyldy.

Demir ýol ulaglary Gazagystanyň Altyn köl hem-de Bolaşak serhet geçelgelerinden hereket edip, türkmen-eýran serhedindäki Inçeburun portuna, ondan hem ahyrky netijede Jolfa stansiýasyna baryp ýeter.

«Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnaw ugry ýükleri deňiz üsti bilen daşamakdan has ýakyn hem-de tiz bolýar. Ýükleri eltmegiň möhleti iki esse diýen ýaly gysgaldy. Gatnaw ugrunda ýükleriň kadaly daşalmagy olaryň ygtybarly ýetirilmegini kepillendirýär» – diýip, KTZ belläp geçýär.