Türkmenistan Merkezi Aziýa — Ýewropa ýük gatnaw ulgamyna işjeň goşulýar

Özbegistandan mineral dökün ýüklenen 24 sany 20 futluk konteýner demir ýol arkaly Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna eltilip, ondan bolsa ýükler Baku portuna iberildi diýip, «Trend» habarlar agentligi «ADY Container» ulag-logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň çäginde demir ýol ulaglaryna gaýtadan ýüklenen ýükler Gruziýanyň Batumi portuna baryp ýetdi. Ol ýerden bolsa konteýnerler Rumyniýanyň Gara deňziň kenaryndaky Kostansa portuna ýetirildi.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan sentýabr aýyna çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan 4 million tonna töweregi mukdarda ýük daşaldy. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan — Özbegistan gatnaw ugrunda Hazaryň türkmen kenarynyň üstünden 390 müň tonna töweregi ýük gatnadyldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygynyň mukdaryny ýylda 400 müň konteýnere (TEU) çenli köpeltmek meýilleşdirilýär.