Türkmenistan Ýer ýüzünde ulag ýangyjynyň bahasy arzan ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlara çykdy. Bu barada 29-njy awgustda «GlobalPetrolPrices» internet neşiriniň çap eden hasabatynda görkezilýär.
Internet neşiriň düzen hasabatyna laýyklykda, Türkmenistan ulag ýangyjynyň bahasy arzan ýurtlaryň sanawynda 7-nji orunda diýlip bellenilýär. Çeşmede Türkmenistanda oktanly A-95 benzininiň bahasy 0,428 dollara barabar diýlip beýan edilýär.
Benziniň bahasy babatda mart aýynyň netijesine görä, Türkmenistan dünýäde benzini arzan bahaly ýurtlaryň sanawynda 10-njy orunda duran bolsa, geçen döwrüň içinde Siriýa, Gazagystan hem-de Nigeriýa ýurtlarynda benziniň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde 7-nji orna geçdi.
Bu ugurda sanawda Türkmenistandan öňde yzygiderlikde Wenesuela, Liwiýa, Eýran, Alžir, Kuweýt we Angola döwletleri durýar. Benziniň iň arzan ýurdy bolan Wenesuelada onuň 1 litri 0,022 dollar bolsa, iň gymmat bahaly ýeri Gonkongda benziniň 1 litri 2,98 dollardan satylýar. Benziniň dünýä bazaryndaky ortaça bahasy bolsa 1,36 dollara deňdir.
Belläp geçsek, dizel ýangyjynyň bahasynyň arzanlygy babatda Türkmenistan dünýä sanawynda 9-njy orny eýeleýär we onuň bahasy ýurtda 0,385 dollar diýlip kesgitlenilýär.