Türkmenistanyň we EYR-iň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary serhet gözegçilik nokatlaryna bardylar

31-nji awgustda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedindäki «Artyk» (Türkmenistan) — «Lotfabad» (EYR) barlag nokatlarynda Türkmenistan bilen Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Eýranly hyzmatdaşlar bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşynyň prezidenti Alireza Mogadasi bilelikde «Artyk» we «Lotfabad» barlag nokatlaryna baryp gördüler we bu ýerlerde alnyp barylýan işleri bilen tanyş boldular.

«Artyk» gümrük nokadyna barmak bilen, eýranyň wekiliýeti häzirki zaman material we tehniki bazany, rentgen enjamlaryny, ýük dezinfeksiýa terminallaryny we hyzmat ediji itler üçin otaglary öz içine alýan bölümiň infrastrukturasy bilen tanyşdy. Şeýle-de eýranly myhmanlara Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işleri barada habar berýän pars dilinde taýýarlanan wideolar görkezildi.

Duşuşykda gümrük maglumatlary alyşmak üçin ýakynda gol çekilen Tehniki şertleri durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň şertnama we hukuk esaslarynyň sanawy we geljekki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin belli ugurlar kesgitlenildi.

Ýeri gelende bu duşuşygyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna eden sapary wagtynda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädim hökmünde guralandygyny bellemek gerek. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda gümrük ulgamy ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigini nygtamak bolar.