Merkezi Aziýa sebiti boýunça Türkmenistanyň demir ýollary hem-de Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty arkaly ýük daşamalarynyň mukdaryny ýylda 400 müň konteýnere (TEU) çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Konteýnerlerde ýük gatnawlarynyň pandemiýadan soňky ýagdaýyny has işjeňleşdirmek işine bu ugurda ozal Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Gruziýanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gol çekilen köptaraplaýyn Ylalaşyk hem uly täsirini ýetirýär.
Netijede, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan ýük gatnawlarynyň 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artandygyny görmek bolýar.
Şu ýylyň geçen sekiz aýynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Azerbaýjan — Türkmenistan — Özbegistan gatnaw ugry boýunça 389 730 tonna ýük daşaldy. Özbegistan Respublikasyna iberilýän ýüküň mukdary 188% ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde Azerbaýjana daşalan ýüküň mukdary hem görnetin artdy.
Türkmenistan we Özbegistan boýunça ýükleri daşamagyň mukdary umumylykda dört esse netijeli boldy. Özbegistana amala aşyrylýan ýük gatnawlary Hytaýdan ugrap Gyrgyzystanyň üsti bilen daşalýar.
Gatnaw ugrunyň işjeňligini gowulandyrmak we dürli amallary ýönekeýleşdirmek arkaly ýol wagtyny gysgaltmak üçin Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demir ýol edaralary yzygiderli duşuşyklary we maslahatlary geçirýärler.