Agentlik barada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagy dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän döwrebap awtobuslary we ýeňil taksi awtoulaglary bilen ýolagçylara, ýurdumyzyň myhmanlaryna hem-de döwlet derejesinde geçirilýän çärelere gatnaşyjylara ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlary edilýär.

Türkmenistanyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky degişli edara-kärhanalar, Agentligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň paýly gatnaşygyndaky «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan, häzirki wagtda jemi 607 sany, şolardan 168 sany şäheriçi, 336 sany şäherýaka we 103 sany şäherara awtobus ugurlary bolup, mundan başgada buýurmalar esasynda ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Ilatyň awtobus gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de hyzmatlaryň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen 2021-nji ýylyň başyndan häzirki wagta çenli 26 sany awtobus ugurlary açyldy hem-de 22 sany awtobus ugurlara üýtgetmeler girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýolagçylara gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli we medeniýetli taksi hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli medeniýetli bolmagyny gazanmak we ýolagçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky şäheriçi awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglarda elektron enjamy goýlup, internet ulgamynyň üsti bilen hyzmatlar ýola goýuldy we awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda hem-de welaýatlardaky kärhanalarymyzyň hasabyndaky ýük awtoulaglarda hem GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy. Ýörite enjam ornaşdyrylyp, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslara ýol peteklerini internet ulgamy arkaly satyn almak hyzmaty ýola goýuldy.

Şeýle hem, ýük awtoulaglary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda hem-de ýurdumyzda ýetişdirilýän galla hasylyny we beýleki oba hojalyk ekinlerini daşamakda giňden ulanylýar. Mundan başga-da,  düzüminde «KAMAZ 5490 (4x2)» kysymly eýerli çekiji we «NEFAZ-93341» kysymly tentli ýarym tirkeg bolan ýük awtoulaglary, ýurdumyzyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde we ýurdumyzyň çägi boýunça, ýurdumyza gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda giňden ulanylýar.