Aşgabat şäherinde köçeleriň abatlanmagy sebäpli ulaglaryň hereketi çäklendirildi

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda ýol gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu ýerlerde ýollaryň asfaltyny täzelemek boýunça işler geçirilýär.

Gurluşyk işleriniň geçirilýändigi sebäpli şu günki günlerde Görogly, Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň, Bitaraplyk şaýolunyň, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollarynyň, Çary Nurymow köçesiniň belli ýerleri wagtlaýynça ýapyldy.

Bejeriş we timarlaýyş işleri sebäpli şäheriň jemgyýetçilik ulaglarynyň ugry hem wagtlaýyn üýtgedi. «Duralga» onlaýn platformasynyň üsti bilen şäheriçi awtobus hereketine gözegçilik edip bilersiňiz.