Türkmenistanda elektron kommunikasiýa ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy awgustda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Milli elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi.

Bu Kararyň kabul edilmegi ýurdumyzda döwrebap halkara görkezijilere laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ony giňden peýdalanmaga, olary taýýarlaýjylar üçin degişli şertleriň döredilmegine, bu ugurda utgaşykly işiň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.