Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna sapar bilen bardy. Bu saparyň baş maksady bolsa özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň esasy mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Bu günki günde Türkmenistan bilen Astrahanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 200 million dollar ýetýär. Taraplar halkara ulag geçelgeleri boýunça ýola goýulýan gatnaşyklarda demir ýol, awtoulag we howa ulaglary arkaly gatnaşyklary alyp barýarlar.
Geljekde Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesine birikmegi bilen Hazarýaka döwletleriň ýük gatnaw mümkinçilikleri ýokarlanar.
«Türkmenbaşy» halkara deňiz portunyň üsti bilen Türkmenistana we beýleki ýurtlara ýük gatnawlaryny ugrukdyrmak köp babatda Hazar deňzinde portlaryň gurulmagynyň mysalydyr» - diýip, «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Sergeý Miluşkin belleýär.
Ozal hem habar berlişi ýaly, Astrahan oblastynda Türkmenistanyň döwrebap logistika merkeziniň açylmagy, şeýle-de Astrahanyň «Olýa» porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli awtoparom gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.