Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýalar toplumynda 2022-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça meýilnamalaýyn işleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş derejesi 112,7%-e deň boldy. Hasabat döwründe bu toplum boýunça awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 11,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 9,2 göterim ýokary derejede ýerine ýetirildi.
2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 133,5 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 113,7 göterime barabar boldy.
Ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işler we olaryň netijeli görkezijileri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Şular bilen birlikde agentligiň ýolbaşçysy toplumyň çäginde «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 120 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,5 göterim netije gazanylandygyny beýan etdi.