Astrahan «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen brifingde Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesine işjeň goşulyşýandygy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow belläp geçdi.

Bu babatda wise-premýer R.Meredow Türkmenistanyň russiýaly hyzmatdaşlar bilen demir ýol, awtomobil, howa ulaglary, deňiz ulaglary we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini hem-de bu ugurda taraplaryň (Russiýa, Eýran we Hindistan) «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň çäklerinde giň mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, şu hepdede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan oblastyna sapary amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag hem-de logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny maslahatlaşarlar.