AUHB halkara ýük gatnawlarynda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (AUHB) halkara ulag ýük gatnawlary babatda Türkmenistan bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarýar diýip, «Trend» habarlar agentliginiň sahypalarynda AUHB salgylanyp habar berilýär.

Şunuň bilen baglylykda AUHB-niň hünärmenleri: «Bu günki günde AUHB bilen Türkmenistan halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy esasynda we AUHB-niň goldamagy bilen Birleşen Milletler Guramasy 2014 — 2017-nji ýyllarda Durnukly ulag ulgamy boýunça üç sany rezolýusiýany kabul etdi» – diýip belleýärler.

Mundan başga-da, bellenilişi ýaly Türkmenistan bilen AUHB eýýäm 20 ýyldan gowrak, has takygy ýurduň 1996-njy ýylda Halkara ýol ýük daşamalary Konwensiýasyna goşulyşan wagtyndan bäri hyzmatdaşlygy dowam etdirip gelýär.

Guramanyň hünärmenleri şeýle-de Türkmenistanyň bu rezolýusiýalaryň durmuşa geçirilmeginde, aýratyn-da Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe ýaly ýurtlary birleşdirýän «Lazurit» geçelgesiniň işjeňleşmeginde esasy orna eýe bolup durýandygyny nygtaýarlar