Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna bagyşlanyp brifing geçirildi

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijelerine we onuň geçişine bagyşlanyp brifing guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

«Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen mowzukdaky maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirildi. Oňa bagyşlanyp Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellesek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ulag gatnawlaryndaky işjeň hyzmatdaşlyk, bu ugurda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak babatda zerur meseleler maslahatlaşyldy we derwaýys çözgütler nazarda tutuldy.

Brifingde bolsa häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada nygtaldy.