Şu gün — 15-nji awgustda «Awaza» kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.
Bu forum «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugy esasynda geçirilýär. Foruma gatnaşyjylar, ilki bilen, «Awaza» kongresler merkezinde guralan elektron görnüşli ulag sergisine aýlanyp gördüler.
Çeşmede habar berlişi ýaly, maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürlen teklipleriň, kabul edilen Kararnamalaryň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi we Türkmenistanyň bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýollan ýüzlenmesini diňlediler.
Belläp geçsek, maslahatda dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdançanyň başyna jemlendiler.