Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 06-njy awgustyndan 121-nji “Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.  

121-nji Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” ugur boýunça awtobus “Bagyr” belleniş nokadyndan ugraýar Gökdepe ýoly – Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýoly – Köpetdag şaýolundan yzyna aýlanyp, Çandybil şaýoly – Gökdepe ýoly bilen hereket edip, “Bagyr” belleniş nokadyna gelýär. 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91