Gazagystanda dizel ýangyjynyň bahasyna üýtgetmeler giriziler

Gazagystanda dizel ýangyjy daşary ýurtlylara gymmat bahadan satylar. Ýurduň Energetika ministrligi bu babatda dizel ýangyjynyň bahasyna tapawutly üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär. 

Bu ilkinji nobatda üstaşyr geçjek ulaglaryň harajatlaryna täsirini ýetirer. Degişli çäreleriň girizilmegi dizel ýangyjynyň ýurtda ýetmezçilik etmeginiň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. 

Bahasynyň arzan bolmagy sebäpli ýangyç we çalgy ýaglarynyň satuwy takmynan 120 000 tonna ýokarlandy diýlip habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde Gazagystana her günde takmynan 4,5 müň awtoulag girýär we olaryň köpüsi daşary ýurt belgili awtoulaglardyr.