Halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenler sylaglandy

3-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri halkara sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bu çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine iberen Gutlagy okaldy. Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar. 

Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi.