2023-nji ýylda ýük daşamaga daşary ýurt rugsadyny almak üçin arzalar kabul edilip başlandy

«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan 2023-nji ýylda awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalaryndan arzalar kabul edilip başlandy.

Bu işler bilen baglylykda, agentlik umumy sanawlary işläp taýýarlar we türkmen ýük gatnadyjylaryna ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda daşary ýurtlaryň çäginde hereket etmäge mümkinçiligiň berilmegi üçin daşary ýurtlaryň degişli edaralaryna iberer.

Belläp geçsek, arzalar 2022-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Ýükleri daşamaga daşary ýurt rugsadyny almak üçin arzalaryň kabul edilmegi bilen bagly giňişleýin maglumatlary 39-03-34, 39-03-35, 39-03-36 belgilere jaň edip anyklamak bolýar.