Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Şu döwürde döwlet Baştutany hem zähmet rugsadynda bolar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

29-njy iýulda geçirilen Minstrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, şonuň bilen birlikde hem birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady. 

Bellenilişine görä, ýurduň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsady döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.