Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-haryt dolanyşygy artýar

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň oňyn özgerýändigini görmek bolýar.

Bu babatda statistik maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 19,3% ýokarlanyp, söwdanyň umumy möçberi 112,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň netijesi 94,3 million ABŞ dollaryna ýetipdi.

2022-nji ýylyň başyndan bäri Gruziýadan Türkmenistana importyň möçberi 10,3 million dollar bolup, geçen ýylky netijeden 52% ýokarlandy. Türkmenistandan Gruziýa eksportyň möçberi bolsa 102,2 million ABŞ dollaryna deň bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6% ýokarydyr.