Eýranyň Türkmenistana eksporty 3 aýyň dowamynda 38 göterim ýokarlandy

Eýranyň Türkmenistana eksportunyň möçberi Eýranyň senenamasy boýunça ýylyň birinji çärýeginde (21-nji mart — 21-nji iýun) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň (IRICA) hünärmeni habar berýär. Bu babatda Ruholla Latifi 3 aýyň dowamynda Eýranyň Türkmenistana 95 million dollarlyk möçberdäki harytlary eksport edendigini belleýär.

Iýun aýynyň ortalaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Atdaýew Batyr Taganowiçiň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdan we söwda ministri Reza Fatemi-Amin bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda iki tarapyň wekilleri hem Tähran-Aşgabat söwda merkezini döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. 

Duşuşyga gatnaşanlar söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmek we tizleşdirmek üçin iki ýurduň telekeçilerine goldaw bermegiň möhümdigini bellediler we geljekde hem hyzmatdaşlyk etmek üçin her ýyl Ýol kartasyny düzmek üçin iş toparyny döretmek babatda karara geldiler.

Munuň bilen baglylykda, Fatemi-Amin türkmen tarapynyň bilelikdäki işewürlik merkezini döretmek baradaky teklibini goldamak bilen: «16 ýurduň çäginde işewürlik merkezini döretdik, bu bolsa ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň oňaýly usulydyr» – diýip belledi.

Şeýle hem, ol iki ýurduň söwda pudagynda import we eksport üçin önümleri hem-de harytlary kesgitlemekde hereket meýilnamasyny düzmegiň zerurdygyny aýtdy.

B.Atdaýew hem öz nobatynda Eýranyň Hökümetini türkmen kärhanalary bilen bilelikdäki sergileri geçirmäge çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda resmi wekil iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak baradaky şertnama gol çekmegi teklip edip, serhet bazarlaryny ösdürmegiň zerurdygy dogrusynda durup geçdi.

Ikitaraplaýyn geçirilýän duşuşyklaryň çäklerinde EYR-yň Ulag we şäher ösüşi boýunça ministri Rostam Kasemi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň direktory Mämmethan Berdymyradowiç Çakyýew bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda ulag ulgamy, şeýle-de ulag geçelgeleri hem-de olaryň baglanyşyklaryny ösdürmek barada gepleşikleri geçirdiler.

Duşuşykda çykyş etmek bilen, Kasemi iki ýurduň arasynda baglaşylan ozalky şertnamalardan soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag ýük gatnawyň 50 göterim ýokarlanandygyny aýdyp: «Ulag nyrhnamalaryna gaýtadan seretmek we iki tarapyň arasyndaky şertnamalary ýerine ýetirmek arkaly ýurtlaryň ulag ýük gatnawyny has-da artdyryp bolar» diýip, pikirini beýan etdi.

M.Çakyýew hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky ulag aragatnaşygyny giňeltmekde hiç hili bökdençligiň ýokdugyny aýtdy.