«Türkmenawtoulaglary» agentligi tahograflary ornaşdyrmak boýunça hünärmenleri gözleýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ýük gatnawlaryna gözegçilik etmek we olaryň howpsuz hereketini guramak üçin ýük awtoulaglaryna 2-nji nesil tahograflary ornaşdyrmak hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça kärhana gözleýär.

Sanly tahograflaryň täze görnüşiniň ornaşdyrylmagy awtoulagyň tizligini yzarlamaga, şeýle-de iş wagtyna gözegçilik etmäge we sürüjiniň dynç alşyny üpjün etmäge ýardam berer. Awtoulagyň maglumatlaryny awtonom görnüşde ýatda saklaýan bu “akylly” enjam gatnaw ugurlarynda we uzak aralykly ýollarda ýüze çykyp biljek heläkçilik töwekgelçiligini ýeterlik derejede azaltmaga kömek eder.