Türkmen sürüjileri «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşyndan ýeňiş bilen dolandylar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjileri Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler «Ýüpek ýoly» awtoralli marafonynda ýeňiş gazanyp, Aşgabat şäherine dolandylar.

Türkmen sürüjileri agyr ulaglaryň gatnaşmagynda «1000 km-den gowrak T2» ýaryş tapgyry boýunça ilkinji gezek ýeňiş gazandylar.

Sürüji türgenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýularynda ýaryşyň bütin dowamy boýunça «Groznyý — Elista» ýaryş ugrunyň has kyn düşendigini, netijede bolsa üstünlik gazanmagyň başardandygyny belleýärler.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Nissan Patrol awtoulagyndaky ekipažy 6 — 16-njy iýul aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» ralli marafonynda ähli baýrakly orunlary eýeledi. Sürüjiler ýaryşda Astrahan şäherinde badalga alyp, Moskwanyň «Lužniki» stadionyna çenli aralygy geçdiler.

Umumy hasap boýunça türkmen toparlary «1000 km-den gowrak T2» ýaryş tapgyrynda şu hili netijeleri görkezdiler:


•    Merdan Toýlyýew / Şöhrat Toýlyýew, Nissan Patrol, 48:47:25
•    Şamyrat Gurbanow / Muhammetmyrat Gurbanow, Nissan Patrol, +0:07:47
•    Maksatmyrat Daňatarow / Didar Orazmedow, Nissan Patrol, +3:59:44