Baku portunyň Ro-Ro terminalyny 2022-nji ýylyň awgustynda işe girizmek meýilleşdirilýär

Bakuwyň Halkara deňiz söwda porty bilen Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy özara hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdylar. Resminamalara gol çekişmek dabarasynyň dowamynda Baku portunyň Baş direktory Taleh Ziýadow şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen Ro-Ro terminalynyň işe girizilýändigini mälim etdi.

Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň portlary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy nazarda tutmak bilen, degişli ugurlar boýunça durnukly üpjünçilik zynjyryny gurmak meýilleşdirilýär. Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy hem bu çözgüdiň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşar.

Bulardan başga-da, Baku portunda häzirki wagtda mineral dökünleri geçirmek üçin niýetlenen terminalyň gurluşygy dowam edýär. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine görä, bu terminalyň başlangyç öndürijilik görkezijileri hasaplanar. Türkiýäniň «Albayrak» holdingi bolsa onuň paýynyň 49%-ini alar.