Eýranyň ýük daşaýan kompaniýasy Russiýa ýükleri ibermek üçin 300 sany konteýner üpjün etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň (IRISL) ýük daşaýan kompaniýasy Russiýa Federasiýasyna harytlary daşamak üçin 300 konteýner iberdi. Bu öz nobatynda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmekde ilkinji ädim boldy.

Mundan ozal «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Eýrana ilkinji konteýner gämisi gelipdi. Bu gatnaw ugry Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden hem geçýär. Russiýadan ugur alan bu ýük otlusy Hindistana tarap barýar we ýakyn wagtda ýük wagonlary ahyrky gatnaw nokadyna baryp ýeter.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň (IRISL) gämi gatnaw liniýalary ýurduň içinde gämileri gurmak we satyn almak bilen bagly şertnama baglaşdy. Bu bolsa ýakyn geljekde Hazar deňzi boýunça ýük daşamalaryny artdyrar.