Mahaçkala deňiz porty Hazarýaka döwletleriniň portlary bilen ýük gämi gatnawyny ýola goýar

Dagystanyň Hökümeti Gazagystan bilen Türkmenistanyň deňiz portlarynyň arasynda ozal ýola goýlan parom gatnawynyň gaýtadan dikeldilýändigini habar berdi. Bu babatda Mahaçkalanyň Halkara söwda deňiz portunyň hem mümkinçilikleri açylar we sebitiň birnäçe döwletleri bilen halkara ýük gatnawlary giň gerimde alnyp barlar.

Mahaçkala porty ýylda ortaça 350 müň tonna çenli haryt daşamagy üpjün edýär. Portdan amala aşyrylýan esasy gatnaw ugurlarynyň hatarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryny belläp geçmek bolar.

Bu portuň iş çygrynyň çäklerinde ýakyn geljekde parom gatnawyny gaýtadan dowam etdirmek üçin halkara gatnaw ugurlaryny utgaşdyrmak we yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk etmek üçin ýük daşaýjylary gözlemek çäreleri geçiriler. Şeýle hem porty häzirkizaman ýüklemek-düşürmek mehanizmler toplumy bilen enjamlaşdyrmak hem-de port toplumynyň ýükleýän ýerlerini döwrebaplaşdyrmak üçin inženerçilik we tehniki işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, Eýran Yslam Respublikasynyň deňiz portlary hem Mahaçkala porty bilen aralykda ýük gatnawyny girizmegi maksat edinýärler.