Bildiriş

«Türkmenawtoulaglary» agentligi özüne degişli kärhanalarda awtomatlaşdyrylan maglumat goruny döretmek we sanly tehnologiýalara esaslanýan awtomatik resminama dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işleriň doly toplumyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek babatda degişli hyzmatlary hödürleýän Türkmenistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ähli kärhanalaryň  (+993 12) 39 03 43 telefon belgisi arkaly ýa-da info@awtoulag.gov.tm elektron poçta salgysy boýunça habarlaşmagyny soraýarys.