Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna barar

Indiki hepdede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary bolar. Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçiriler diýip, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bu hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagyndan soň daşary ýurt döwletine ilkinji resmi sapary bolar, şeýle hem iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň derejesindäki ilkinji gepleşik bolar.
Ýatlatsak, üstümizdäki ýylyň aprel aýynda telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Wladimir Putin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini Russiýa sapar bilen gelmäge çagyrypdy. Bu resmi sapar bolsa türkmen-rus gatnaşyklaryna täze mazmun esasynda baýlaşdyrar.

18-nji maýda Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigi bellemek gerek. Iki ýurduň pugta dostlukly gatnaşyklaryny alamatlandyrýan bu baýraga Türkmenistanyň Prezidenti «Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin» mynasyp boldy.