Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

30-njy maýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer degişli ugurlarda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz hasabatlar bilen tanşyp, 3-nji iýunda gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Maslahatyň çäklerinde bugdaý hasylyny ýygnamak we gowaça ideg etmek işleri esasy üns merkezinde boldy. Has takygy, döwlet Baştutanymyz bugdaý hasylyny ýygnap almak işleriniň yzygiderli we berk gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigi, ekin meýdanlarynyň mineral dökünler we zyýankeşleriň garşy göreş serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi bellenildi.

Bular bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz şaly ekişine girişmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy we azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny öz wagtynda ýygnamagy hem-de içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda iýun aýynda belleniljek şanly seneler – Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz bu dabaralaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, olaryň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi.