BILDIRIŞ

Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly kuwwatlylygyna ulanmak, halkara gatnawlarynda ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýulýar.