«Onlaýn taksi» mobil goşundysyna dil saýlamak mümkinçiligi girizildi

«Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň işläp düzüjileri onuň Android ulgamy üçin niýetlenen görnüşine käbir täzelenmeleri girizdiler. Indi bu goşundy 19 dilde, şol sanda türkmen, rus we iňlis dillerinde hyzmat edýär.

Şeýle hem goşundyny ulanmak has amatly görnüşe getirildi we ýönekeýleşdirildi. Bölümden bölüme geçmek hem indi öňküsinden ep-esli aňsat.

Goşundynyň iOS görnüşine hem täzelenmeleri girizmek meýilleşdirilýär.

Taksileri 0655 gysga belgä jaň edip hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýarys.