Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglary bezeldi

Aşgabatda şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna ýörite bezeldi.

Aşgabatda şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna ýörite bezeldi.

Açyk gök hem-de öwüşginli ýaşyl reňkde ýazylan gutlag sözleri awtobuslaryň gyralarynyň ak fonunda uzakdan görünýär, şeýle-de bu ýazgylar şähere görk berýän köp sanly ajaýyp bezegler bilen birlikde baýramçylyk ruhuny döredýär.

Mundan başga-da, 31-nji dekabrda hem-de 1-nji ýanwarda Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň tölegsiz bolýandygyny bellemelidiris.