Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň baştutanynyň 53 ýaşyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žapaparowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Türkmen Lideri gutlagynda 53 ýaşyny doldurýan gyrgyz kärdeşine jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, şeýle hem hökümetiň jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda Prezident Sadyr Žaparowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Gyrgyzystanyň ösüş ýolunda ynamly ädim ätýändigini we durmuşyň köp ugurlarynda özgerişlikleriň geçirilýändigini bellenilýär.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystan bilen iki tarapy hem gyzyklandyrýan ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýär.

Türkmen tarapy, adatça, doganlyk we hoşniýetli gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklarynyň bähbidi üçin yzygiderli ösjekdigine berk ynanýar.