Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Delidäki ilkinji ''Hindistan-Merkezi Aziýa'' sammite çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistan Respublikasynyň Güni baýramçylygynyň çäginde Nýu-Delide geçiriljek “Hindistan-Merkezi Aziýa” sammitine çagyryldy. Türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşigine görä, degişli çakylyk Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi-den gelip gowuşdy.

Modiniň aýtmagyna görä, geljekki sammitde maslahatlaşyljak "sebitdäki umumy howplara hemmetaraplaýyn çemeleşmek" "döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarar".

“Hindistan-Merkezi Aziýa” gepleşik formaty 2019-njy ýylda Daşkentde daşary işler ministrleriniň ilkinji ýygnagynda döredildi we häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirdi.

Şeýle-de, Hindistanyň premýer-ministri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we harby topary Hindistan Respublikasynyň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

- Men Siziň Alyhezretiňiziň Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, - diýip Hindistanyň premýer-ministriniň hatynda aýdylýar.