Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki obýektleri satmak boýunça auksion söwdasyny guraýar

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda sagat 10:00-da döwlet eýeçiligindäki obýektleriň 20-sini satmak boýunça auksion guralar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.  Auksionda Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrligine, «Türkmenbaşy» paýdarlar-täjirçilik bankyna, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine, «Türkmengaz» döwlet konsernine, Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine degişli  obýektler bar.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda sagat 10:00-da döwlet eýeçiligindäki obýektleriň 20-sini satmak boýunça auksion guralar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär. 

Auksionda Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrligine, «Türkmenbaşy» paýdarlar-täjirçilik bankyna, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine, «Türkmengaz» döwlet konsernine, Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine degişli  obýektler bar.

Arzalary kabul etmek we auksiona gatnaşyjylary hasaba almak bu hakynda maglumatyň çap edilen gününden başlap, auksionyň geçirilmegine 24 sagat galýança Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gatnaşyjylary hasaba almak auksionyň geçirilýän güni sagat 9.00-da başlanýar.

Auksiona gatnaşyjylaryň ählisine hususylaşdyryljak obýektler hakynda öňünden maglumat berilýär. Döwlet obýektleri ähli talaplara laýyklykda hususylaşdyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

• Aşgabat şäheri (+993 12) 92-26-11; 39-46-72 / 75;
• Änew  şäheri (+993 137) 33-0-21; 33-1-80;
• Balkanabat şäheri (+993222) 7-89-34; 7-89-17; 7-89-53
• Daşoguz şäheri  (+993 322) 9-10-19; 9-15-10;
• Türkmenabat şäheri (+993422) 6-11-52; 6-11-59;
• Mary şäheri (+993522) 6-06-87; 6-06-41.

Auksionyň geçirilýän salgysy: Aşgabat, Arçabil şaýoly, 156.