"Iran Khodro" kompaniýasynyň we "Türkmenawtoulaglary" Agentliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Eýranyň iň iri awtomobil gurluşyk şereketi bolan «Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş müdiri türkmen bazaryna ýangyjy dürli-dürli bolan (benzin we gaz) awtoulaglary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýranyň iň iri awtomobil gurluşyk şereketi bolan «Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş müdiri türkmen bazaryna ýangyjy dürli-dürli bolan (benzin we gaz) awtoulaglary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýranyň KHS-niň berýän habaryna görä, «Iran Hodro» -nyň baş müdiri Farşad Mogimi Türkmenistanyň awtoulag gullugynyň (Türkmenawtoulaglarynyň) başlygy bilen Tährandaky duşuşygynda bu şereketiň türkmen bazarynda iş alyp barýandygyny göz öňünde tutmak bilen: «Iki dürli önümiň, täjirçilik we ýeňil awtoulaglaryň öndürilmeginiň esasynda, olaryň satuwdan soňky degişli hyzmatlaryny göz öňünde tutmak bilen Türkmenistana hödürlemäge mümkinçilik döreýär» diýip nygtady.

Awtoulag öndürýän şereketiň başlygy onuň kuwwatyna we mümkinçiliklerine ünsi çekmek bilen: «Bu şereket Türkmenistanyň senagat şereketleri bolan dag-magdan, nebit-gaz, nebit-himiýa, inženerçilik we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk edip biler» diýip belledi.

«Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş direktory türkmen bazaryna awtobuslary eksport etmäge taýýardygyny aýan etmek bilen: «Päsgelçilikler aradan aýrylsa, eksport gysga wagtda ýola goýlar» diýip habar berdi.

«Türkmenawtoulaglary» gullugynyň başlygy Guwançmyrat Akmämmedow hem duşuşykda şeýle diýdi: «Iran Hodro»-nyň önümleriniň hilini we dürlüligini göz öňünde tutup, türkmen bazary onuň önümlerini höwes bilen satyn alar». Ol: «Hyzmatdaşlygyň taryhyny we «Iran Hodro» -nyň önümleriniň ozaldanam Türkmenistanda hereket edýändigini göz öňünde tutmak bilen, bizem hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga taýýar» diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

«Türkmenawtoulaglary» gullugynyň başlygy sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: «Ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak pudagynda «Iran Hodro»-nyň önümleriniň hili ýokary, bu bolsa şereketiň ösüşiniň we öňe gidişiniň subutnamasydyr».

Türkmenistanyň Awtoulag gullugynyň başlygy, «Dena» awtoulagyny satyn almak bilen, ýurduň taksi parkynyň üstüniň ýetiriljekdigine salgylanyp, şeýle habar berdi: «Bahasyna we deňeşdirmelere görä, «Dena» taksi sürüjileri tarapyndan ýokary hilli ulag hasaplanýar. Bu awtoulag ýakyn wagtda Türkmenistanyň taksi parkynda ulanylar diýip umyt edýärin».

Akmämmedow hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegi esasynda, «Iran Hodro Dizel» şereketiniň öndürýän awtobuslaryny satmak baradaky şertnama babatynda bar bolan päsgelçilikleriň ýakyn wagtda aradan aýryljagyna umyt bildirdi.

Türkmenistanyň Awtoulag gullugynyň başlygy we oňa gatnaşýan wekiliýetiň «Iran Hodro Industrial Group»-yň önümçilik liniýasyna, şol sanda «Atros» awtobusyny, ýük maşynyny, «Tara», «Dena Plus», «Soren Plus», aýna üçekli «Rana Plus» we «Arisan» hem furgonlary öndürýän desgalara baryp görendiklerini bellemelidiris.

«Iran Hodro»-nyň Aşgabatda «Iran Hodro – Aşgabat» ady bilen öz resmi wekilhanasyny we Aşgabatda işewürlik merkeziniň binasyndan, awtoulag sergi otagyndan, awtoulag ätiýaç şaýlary dükanyndan, ammarlardan, abatlaýyş ussahanalaryndan we awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat edýän beýleki otaglardan ybarat döwrebap toplum açan Eýranyň awtoulag öndürýän şereketlerinden ilkinjileriň biridigini ýatlatmak zerurdyr. Bu şereket geçen ýyllarda Türkmenistana onlarça awtoulag we awtobus iberipdi.