Berdimuhamedow Türkmenisanyň Günorta Afrikadaky ilkinji ilçisini wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Günorta Afrikadaky ilkinji ilçisini wezipä belledi

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji oktýabrda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Durdymuratowiç Rejepow şol bir wagtda Türkmenistanyň Günorta Afrika Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.