Hormatly ýolagçylar 142-nji ugur boýunça bildiriş!

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabryndan 142-nji “Teke bazar – Kardiologiýa  merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.  

  • 142-nji “Teke bazar – Kardiologiýa  merkezi” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýolyndan yzyna aýlanyp, Bitarap Türkmenistan şaýoly – Arçabil şaýoly, 1970-nji köçe bilen hereket edip, “Kardiologiýa merkezinden” aýlanyp yzyna, 1970-nji köçe – Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçe – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91