Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gümrük amallary has ýeňilleşer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi saparynyň dowmynda iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda türkmen-özbek ykdysady forumy guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi saparynyň dowmynda iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda türkmen-özbek ykdysady forumy guraldy.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakyndaky Teswirnama baglaşyldy.

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen gümrük serhedinde resmileşdirmegiň wagtyny tizleşdirmäge ýardam edýän deslapdan elektron maglumat alyşmak tejribesinde ýola goýulýar. Deslapdan maglumat alyşmak gümrük amallaryny elektron esasda alyp barmaga, gümrük edaralary bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün etmäge, berilýän kagyz resminamalarynyň we resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakyndaky Teswirnamanyň durmuşa geçirilmegi gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek bilen iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer diýip garaşylýar.