Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtolaglary” agentligi, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 2-den 18-nji “Parahat 7 – Howa menzili”, 36-njy “Awtomenzil – Berzeňňi”, 44-nji “Parahat7 – Gurtly”, 52-nji Wokzal – Akdaşaýak”, 55-nji “Wokzal – Älem medeni dynç alyş merkezi” hem-de 57-nji “Awtokombinat – Älem medeni dynç alyş merkezi” ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

  • 18-nji “Parahat 7 – Howa menzili” ugur boýunça awtobus “Parahat7” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýunus Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, “Howa menzili” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna “Howa menzili” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Magtymguly şaýoly – S. Türkmenbaşy şaýoly – Şewçenko köçe – Andalyp köçe – Ýunus Emre köçe – B.Annanow köçe bilen hereket edip, “Parahat7” belleniş nokadyna gelýär. 
  • 36-njy “Awtomenzil – Berzeňňi” ugur boýunça awtobus “Awtomenzil” nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – Andalyp köçe – G.Kulyýew köçe – G.Bäşiýew köçe – A.Muhammedow köçe – Andalyp köçe – Arçabil şaýoly – Andalyp köçe – Köpetdag şaýoly bilen hereket edip “Atçylyk toplumyna” barýar hem-de yzyna “Atçylyk toplumyndan” ugraýar hem-de “Köpetdag şaýoly – Andalyp köçe – Arçabil şaýoly – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Awtomenzil” belleniş nokadyna gelýär.  
  • 44-nji “Parahat7 – Gurtly” ugur boýunça awtobus “Parahat7” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýunus Emre köçe – A.Garlyýew köçe – Oguzhan köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Annaýew köçe – Magtymguly şaýoly – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçe” bilen hereket edip “Gurtly” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçe – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Oguzhan köçesi – A.Garlyýew köçe – Ýunus Emre köçe – B.Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe” bilen hereket edip, “Parahat7” belleniş nokadyna gelýär.
  • 52-nji Wokzal – Akdaşaýak” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Tähran köçe – Görogly köçe – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Büzmeýin-Aşgabat köçe – Asudalyk köçe – Zähmet köçe – Agzybirlik köçe – Ahun köçe – Abadan köçe – Agzybirlik köçe bilen hereket edip “Akdaşaýaga” barýar hem-de yzyna “Akdaşaýakdan” ugraýar hem-de Agzybirlik köçe – Zähmet köçe – Asudalyk köçe – Büzmeýin-Aşgabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçe – Görogly köçe – Tähran köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.
  • 55-nji “Wokzal – Bagt köşgi” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly   bilen hereket edip “Bagt köşgi” barýar hem-de yzyna “Bagt köşginden” ugraýar hem-de Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.
  • 57-nji “Awtokombinat – Arkadag oteli” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýoly  bilen hereket edip “Arkadag oteline” barýar hem-de yzyna “Arkadag otelinden” ugraýar hem-de Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91.