Wisbadendäki awtobuslar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bezeldi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hessen federal ýeriniň paýtagty bolan Wisbaden şäherinde hereket edýän awtobuslarda Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary ýerleşdirilen ýazgylar, şeýle-de «www. neutrality. gov. tm» internet-saýta girmäge kömek edýän bannerler ýerleşdirilen.

Bannerler ýerleşdirilen awtobuslar Germaniýanyň iň owadan şäherleriniň biri bolan Wisbaden şäherinde 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynyň dowamynda hereket eder.

Şeýdip, Wisbadeniň ýerli ýaşaýjylary we myhmanlary ýurdumyzyň şanly seneleri bilen habarly bolup bilerler.