Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 44-nji “Parahat – Gurtly”      awtobus ugrunyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär. 
-     44-nji  “Parahat – Gurtly” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – Aba Annaýew – Magtymguly şaýoly – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi bilen “Gurtly” belleniş nokadyna barýar we yzyna Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje – Taslama köçe – Magtymgyly şaýoly – Aba Annaýew – Görogly köçe – A. Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.  

-    Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91