Türkmen-Eýran we Türkmen-Gazak ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar!

Türkmen-Eýran we Türkmen-Gazak gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinden halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda "Sarahs-Sarahs", "Artyk-Lütfabat" we "Garabogaz-Temirbaba" gözegçilik geçiriş ýerlerinden 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýratyn görkezmä çenli awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat berildi.