Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda

Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň

Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda olaryň eýelerinden, ýagny (bir ýük awtoulag tirkegi ýa-da ýarym tirkegi üçin) Türkmenistana gelende 150 amerikan dollary we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçende 100 amerikan dollary möçberde ýygymlar hem-de tölegler 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenilen