Üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär

46-njy «Gurtly – Wokzal» we 88-nji «Awtokombinat – Wokzal» 2020-nji ýylyň 2-nji noýabryndan

Hormatly ýolagçylar «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, 46-njy «Gurtly – Wokzal» we 88-nji «Awtokombinat – Wokzal» awtobus ugurlaryna 2020-nji ýylyň 2-nji noýabryndan käbir üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

  • 46-njy  awtobus  ugry  «Gurtly» belleniş nokadyndan başlap, «Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Görogly köçesi – Tähran köçesi – Magtymguly şaýoly – Türkmenbaşy  şaýoly – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi –  A.Nyýazow şaýoly –  “Mahabat” binasy» ugry boýunça hereket eder we soňra «“Mahabat” binasy - Türkmenbaşy  şaýoly – Magtymguly şaýoly – Tähran köçesi – Görogly köçesi – Taslama köçesi - Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi – “Gurtly” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.
  • 88-nji  awtobus  ugry  «Awtokombinat» belleniş nokadyndan başlap, «A.Nyýazow şaýoly – S.Myradowa köçesi – Magtymguly şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – “Dowamat-dowam” binasy» ugry boýunça hereket eder we soňra «“Dowamat-dowam” binasy - Görogly köçesi – A.Nowaýy köçesi - Magtymguly şaýoly – S.Myradowa köçesi – A.Nyýazow şaýoly - “Awtokombinat” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlar toplumy açylmagy mynasybetli ýokarda görkezilen 46-njy awtobus ugruna üýtgeşmeler girizilip, bu awtobus ugry «Gurtly» belleniş nokadyndan başlap, «Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Magtymguly şaýoly – Türkmenbaşy  şaýoly – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi –  A.Nyýazow şaýoly –  “Mahabat” binasy» ugry boýunça hereket eder we soňra «“Mahabat” binasy - Türkmenbaşy  şaýoly – Magtymguly şaýoly – Taslama köçesi - Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi – “Gurtly” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80